STEM usulyýeti boýunça geçirilen onlaýn okuw seminary
25-02-2025
928
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 411-nji buýrugy bilen tassyklanan Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasyna laýyklykda Okatmagyň STEM usulyýeti boýunça professor mugallymlaryň tejribesini paýlaşmak boýunça sanly ulgam arkaly 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmen Döwlet energetika instituty onlaýn okuw seminaryny geçirdi. Seminar okuwynyň dowamynda okuw sapaklaryny taýýarlamak üçin gerekli bolan maglumatlary toplamakda peýdaly boljak programma serişdeleri, guramaçylyk döwri ýerine ýetirilmeli işleri, okuw sapagyny talaba laýyk okatmagyň talaplary we olary ýerine ýetirmekde geçirilmeli işleriň yzygiderliligi, bulut tehnologiýalaryny peýdalanmak hem-de STEM usulyny ulanmaklygyň zerurlygy barada aýratyn giňişleýin beýan edildi.