Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýletinçi talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini gurnamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – Baky Bitaraplyk ýörelgesi” atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatda çykyş eden mugallymlar “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy, onuň maksady” atly tema boýunça, şeýle hem Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňeýändigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Mugallymlar bilen birlikde meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň taryhy many-mazmuny” baradaky çykyşlary örän täsirli boldy. Bu bolsa meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerinde ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan etmekde olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.
Okuw maslahata gatnaşyjylar ajaýyp durmuşda zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy