2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini Türkmen gelin gyzlaryna atçylyk sungaty boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen institutyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda institutymyzda bilim alýan gyz-gelin talyplaryň hem-de Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiniň okuwçy gyzlarynyň arasynda “Edebim bar – hünärim bar” ady bilen duşuşyk geçirildi.