“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fakultetleriň arasynda “Building Bridges: Spelling Bee” atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi.
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda fakultetleriň arasynda “Building Bridges: Spelling Bee” atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi. Bu çäre, Turkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda, talyplaryň ukyp başarnygyny ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň açylyşynda, şeýle bäsleşikleriň diňe dil öwrenişde däl, eýsem, halkara aragatnaşyklaryny we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe bolup biljekdigi barada giňişleýin çykyşlar edildi. Dünýäde iň meşhur bäsleşikleriň biri bolan “Scripps National Spelling Bee” barada hem aýratyn söhbet açyldy, bu bäsleşik dünýä boýunça talyplara dili aýdyň we takyk öwrenmekde uly ýardam berýär.
Bäsleşikde Diller kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan eminler topary döredildi. Talyp ýaşlar, dürli kyn we çylşyrymly iňlis sözlerini dogry harplap aýtmak üçin ýaryşyp, özleriniň dil bilimleriniň ýokary derejesini görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri:
Bu bäsleşik, talyplara diňe dil bilimlerini ösdürmek üçin mümkinçilik bermekden başga-da, aragatnaşyk we dostluk gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem dünýä standartlaryna laýyk gelýän bilimi almaga mümkinçilik berdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu çäre arkaly talyplarynyň dünýä jemgyýetçiligine gatnaşyklaryny güýçlendirmegi we dil baýlyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Baýramtäç Oraztaganowa “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy