27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni
WATANY GORAMAK — MUKADDES BORÇ!
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji günlerinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Arkadag Serdarly Watan goragy belent mertebedir nesiller üçin» ylmy-amaly maslahaty hem-de baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň başynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Batyr Mämmedow çykyş edip, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň polat galasy bolan watan goragçylaryny tüýs ýürekden gutlady. Soňra ýokary okuw mekdebimiziň rektory institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň şahsy düzümine hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Rektor öz çykyşynda mähriban Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şöhratly pederlerimiziň okamak, öwrenmek, gurmak, döretmek, watany goramak ýaly milli däplerini döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki günde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda Milli Goşunymyň goranyş kuwwatynyň we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.
Dabaraly çäräniň meýilnamasyna laýyklykda çykyş edenler Watan goragçylar güniniň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Oguzlar» aýdym-saz toparynyň çykyşlary ýaňlandy.
Watan goragçylar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik institutynyň mejlsiler jaýynda guralan ylmy amaly maslahat soňra bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçelere jogapkär serkerde mugallymlar bellenildi hem-de olar her bir mugallymyň we talybyň ylmy çykyşlaryny diňläp, nutuklaryň mazmun taýdan örän çuňdygyny bellediler. Çykyşlar diýseň täsirli bolup, olarda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, eziz Watanymyzyň Goranmak kuwwatynyň berkidilmegi we kämilleşdirilmegi baradaky maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Serkerde-mugallymlaryň ylmy ýolbaşçylygynda taýýarlanan harby talyplar öwrenýän okuwlarynda alan bilimlerini ylmy taýdan çuňňur özleşdirýändiklerini subut etdiler.
Soňra ylmy-amaly maslahata gatnaşýan myhmanlar, serkerde-mugallymlar hem-de talyplar Institutyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide institutyň kafedralarynda okuw, usuly we ylym babatynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Sergide goýlan esbaplardan we taslamalardan çen tutsaň bu ýerde zähmet çekýän mugallymlaryň döwrebap bilimli, iş başarjaň we ýokary taýýarlykly hünärmenlerdigine göz ýetirmek bolýar. Mahlasy bu ýerde guralan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Orazmyrat ANNAÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik