2024-NJI ÝYLYŇ 25-NJI DEKABRYNDA TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ BINAGÄRLIK-GURLUŞYK FAKULTETINIŇ 4-NJI ÝYL TALYPLARY BILEN AŞGABAT ŞÄHERINIŇ 8-NJI KIÇI ETRAPÇASYNDA ÝERLEŞÝÄN GERMANIÝADA ÖNDÜRILEN VIESMANN VITOMAХ-200 KYSYMLY GYZGYN SUW ÖNDÜRÝÄN GAZAN DESGASYNDA GEÇIRILEN ÖNÜMÇILIK OKUW SAPAGYNA GITDILER

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda kafedranyň uly mugallymy, t.y.k. Sapargeldi Daňatarowyň jogapkärçiliginde “Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Aşgabat şäheriniň 8-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän Germaniýada öndürilen VIESMANN VITOMAХ-200 kysymly gyzgyn suw öndürýän gazan desgasynda önümçilik okuw sapagy geçirildi. Talyplar gazan desgasyna berilýän ýangyjyň – tebigy gazynyň, howanyň, suwuň we elektrik energiýasynyň berliş düzgünleri, oňa degişli enjamlary bilen doly tanyşdylar. Gazan desgasynda ýerleşýän 2 sany VIESMANN VITOMAХ-200 kysymly gazanyň işleýiş düzgünleri bilen jikme-jik tanyşdylar. Gazan desgasy üçin gerek bolan suwuň himiki arassalaýjy desgalarda arassalanyşy, gazanlarda gyzgyn suwuň öndürilişi, ýylylyk çalşyjy enjamlarda ýylylyk setiniň suwuna ýylylygyň geçirilişi, ulanyjylara set suwunyň ugradylyşy, Germaniýada öndürilen dürli maksatly nasoslar we olaryň işleýişi, ýylylyk çalşyjy enjamlarda bolup geçýän prosesler, gazan desgasynyň dürli enjamlarynda ölçeýiji we barlaýyjy enjamlaryň gurnalyşy, sazlanyşy öwrenildi. Gazan desgasynyň ýylylyk bilen üpjün edýän 34 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, 1 mekdepden, 1 çagalar bagyndan we 1 orta hünär okuw mekdebinden ybarat bolan 8-nji kiçi etrapçanyň ulanyjylarynyň baş meýilnamasy bilen tanyşdylar. Gazan desgasynyň ähli enjamlarynda bolup geçýän prosesleri desganyň ussat işgärleriniň gatnaşmagynda gözleri bilen görüp, düşünip öwrendiler.