ÖNÜMÇILIK SAPAGY

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy güýçli depginler bilen dowam edýän okuw binalarynyň gurluşyk meýdançasynda önümçilik sapagynda boldular.