DOSTLUKLY ÝURTLAR BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR BARHA PUGTALANDYRYLÝAR
24-12-2024
201
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim ugrundaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri boýunça guralan duşuşygy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-ine duşuşyk geçirildi.Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan Watanymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de özara bähbitli, ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar.