HOŞALLYK - KALBYŇ OWAZY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Ýer ýüzüniň çar künjüne üznüksiz dostluk, mähribanlyk, birek-birege ynanyşmak we ynsanperwerlik ýollary açylýar.Ynha, şunuň özi hem Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan işleriňil-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetlidigini aýdyňlygy bilen subut edýär. “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimizin taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halky bu günki gün özüniň milli däp-dessurlaryny, edebi, taryhy we medeni mirasyny öwrenmekde uly mümkinçiliklere eýe boldy. Ösüp gelyän yaş nesli döwrebap ruhda, watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, ylma, bilime we hünäre höwesli terbiýelemek, olary durmuşa taýýarlamak meselelerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýändigini bellemek örän buýsançlydyr. Türkmen halkynyn Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän “Pähim-payhas ummany Magtymguly Pyragy” atly gosgusyndaky: “Barymyzy şärik edyär, ägirt söhrat-şanyna” – diýýän jümlesi biziň her birimiziň zehinlerimize ylham çesmesi, üstünliklerimize badalga bolup, bizi döredijilige ruhlandyrýar.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly medalyň hem-de ýadygärlik nyşanyň gowşurylmagy meniň buýsanjymy goşalandyrdy. Döredijilikli işlemäge bolan höwesimi joşdurdy. Bu günki şa serpaýy biziň maşgala agzalarymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu sylag meniň we meniň ähli maşgala agzalarymyň halkymyza, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzawepaly bolup, döredijilikli işlemäge borçlandyrýar. Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Z.Orazowa