“DURNUKLY ÖSÜŞ WE HALKARA HYZMATDAŞLYK” ATLY SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde eden çykyşyndan ugur alyp, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň altynjy “Arassa suw we arassaçylyk” maksadyny amala aşyrmagy dowam etmek maksady bilen “Durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” atly sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatyna gatnaşdylar we öz nutuklary bilen çykyş etdiler.