TÜRKMENISTANYŇ «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA» ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK DABARALARY GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä derejesinde mertebelenmegi Milli Liderimiziň alymlyk we şahyrlyk şahsyýetinden, hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda ajaýyp ylmy pikirler beýan edilýär, täze garaýyşlar öňe sürülýär.

Ýaňy ýakynda watandaşlarymyzyň ençemesine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar gowşuryldy. Bize hem şanly ýyldan ýadygärlik nyşany alnymyzdan asylmak miýesser etdi. Bütin ömre şugla çaýýan şeýle ajaýyp pursatlar has­-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Dabara gatnaşyjylaryň tas hemmesi diýen ýaly tanyş ýüzler. Çünki olar ýylyň dowamynda beýik akyldaryň döredijiligini öwrenmäge, wagyz etmäge bagyşlanan duşuşyklaryň, ylmy amaly maslahatlaryň birnäçesinde didarlaşyp, pikir­ tejribe alyşdylar.

Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligini öwrenmäge, ony giňden wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.