HALYPA-ŞÄGIRT GATNAŞYKLARYNYŇ ÇÄKLERINDE “BITARAPLYK DOST-DOGANLYK WATANYDYR” ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 06-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Bitaraplyk dost-doganlyk watanydyr” atly okuw maslahaty geçirildi. Onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy A.Garajaýew “Ýol hereketiniň howpsuzlygy” atly tema boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek we ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň kadalarynyň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmeginiň jogapkärçiliginiň uludygyny belläp geçdi. Bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýändigini we ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde, pyýadalaryň hem jogapkärçiligi artýandygyny mekdep okuwçylaryň dykgatyna ýetirdi. Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça dürli düşündiriş çärelerini guramak üçin çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, öwüt-ündew we düşündiriş häsiýetli çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp geçdi.

Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebinde “Çagalary goramak boýunça ulularyň borçlary” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler mekdep okuwçylarynyň şeýle hem olaryň maşgala agzalarynyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri bilen tanyşdyrdylar. Raýat goranyşy fakultetiň mugallymy uly leýtenant Mukam Akmämmedow öz çykyşynda ilkinji nobatda mugallymlaryň, ene-atalaryň, okuw-terbiýeçilik düzümleriniň, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar edaralarynyň işgärleriniň heläkçiliklerde, harasatlarda, tebigy betbagtçylyklarda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramagyň esasy usullaryny hem-de ýollaryny bilmelidikleri we ýerine ýetirmäge borçludyklary barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çaga terbiýesinde uly orun eýeleýändigini nygtamak bilen, olaryň ýaş we psihologik aýratynlyklarynyň nazara alynmalydyklaryny belledi. Ene-atalar we mugallymlar öz hereketleri we gürrüňleri bilen çagalarda gorkyny döretmegiň düýbünden gadagandygyny we bu ýagdaý olarda agyr psihologik şikesleriň emele gelmegine getirip biljekdigini aýtdy.

Mundan başgada Raýat goranyşy fakultetiniň wekilleri ýokary synpyň okuwçylaryna öýde galmaklyga zerurlygyň ýüze çykan ýagdaýynda, bildiriş ýa-da nobatdan daşary, göz öňünde tutulmadyk gyssagly yşaratlaryň yglan edilen ýagdaýlary üçin radioýaýlymlaryň ýa-da radio kabul ediji enjamlaryň hemişe işledip goýmalydyklary barada, şeýle hem iýmitlenmegiň öň ýanynda ellerini hökman sabyn bilen ýuwmak, diňe gaýnadylan suwy we süýdi içmek, naharlanmazdan öň, ýagny miweleri we gök önümleri gaýnadylan suw bilen ýuwmak, ýaşaýyş öýleri (içerini) ýuwujy serişdeler bilen ykjam ýuwmak, gap-gaçlary ýuwujy serişdeler bilen ýuwmak, sanitariýa-gigiýena kada-düzgünleri pugta berjaý etmek barada ýatlatdy.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça amatly şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!