Milli mirasymyz — nesilleriň buýsanjy

2026-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, halkymyzyň baý taryhy, nepis el işleri we arheologik gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeýiň eksponatlary talyplarda uly täsir galdyryp, olara milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi. Talyplar muzeýiň içine aýlanyp, ol ýerde muzeýiň gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň beren muzeýiň işgärleriniň çykyşlaryny ünsli diňläp özlerinde döreden täsirleri barada sorag – jogap alyşdylar. Ýaş nesillere ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.