TÜRKMENISTANYŇ MAGLUMAT GIŇIŞLIGINDÄKI TÄZE BELENTLIKLERI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagyna bagyşlanyp Zoom platformasynda geçirilmeli onlaýn semenarlaryň meýilnamasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa “Türkmenistanyň maglumat giňişligindäki täze belentlikleri” atly ylmy amaly maslahaty onlaýn görnüşinde geçirildi. Türkmenistanyň maglumat giňişliginiň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir tehnologiki ösüş däl-de, eýsem ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň täze basgançaga galmagydyr. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we milli habar beriş serişdeleriniň kämilleşdirilmegi jemgyýetiň hakyky wagt tertibinde maglumat almagyna hem-de döwletimiziň gazananlaryny dünýä ýüzüne giňden ýaýmaga şert döredýär.