Ýaşlarymyzyň baýragy

16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak ugrundaky bäsleşige Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň ýüzlerçesiniň işi hödürlenilip, olardan ylym-bilimde, medeniýetde we beýleki ugurlarda üstünlik gazanyp, ýurdumyzda alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezenleriň 141-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi.


TDBGI


Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň  mugallymy Akmuhammedow Ahmet Döwranowiç, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhanalarda ykdysadyýeti dolandyryş” kafedrasynyň mugallymy Ataýew Bahram Kyýasmuhammedowiç hem-de Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Gurbandurdyýew Gaýypgeldi mynasyp boldy.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.