Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy okuw sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda Belarussiýanyň döwlet Ýefrosini Poloskiý adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri merkeziniň müdiri Žurawskaýa Olga Wiktorowna talyplara umumy okuw sapagyny geçdi.

Geçirilen okuw sapagyň dowamynda durnukly ösüşiň netijesi hökmünde sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tebigy we takyk ylymlar boýunça alnyp barylýan  işler barada  nygtalyp geçildi. Umumy okuw sapagynyň barşynda institutyň talyplary bilen myhman okatmagyň, dil öwrenmegiň dürli usullary boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň Ylym bölümi