2025-nji ýylyňmart aýynyň 3-den 7-si aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr” atly şygar astynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bu geçirilen bäsleşiklere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bagtyýar zenan mugallymlary we talyp gyzlary işjeň gatnaşyp, sportuň woleýbol görnüşi boýunça II orna, tennis boýunça III orna, basketbol 3x3 boýunça III orna, küşt boýunça III orna mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan zenanlarymyza Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Taýýarlan: Talyplar sport klubynyň başlygy M.Orazow