Bilimiň ösmegine goşan goşandynyň ykrar edilmegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamanyň” görkezijilerine laýyklykda okuw-usuly, ylmy-barlag we sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny amala aşyrmakda görkezen aýratyn işjeňligini göz öňünde tutup, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary hormat hatlary we institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Has takygy:

  1. “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň uly mugallymy Yslamberdi Muhammetberdiýewiç Tyllanurow;
  2. “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň mugallymy Toýbibi Kömekowa;
  3. “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Ybraýym Gurbanmyradowiç Gurbanow;
  4. “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Esengulyýewiç Amanow;
  5. “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy Tirkeş Meredowiç Jumadurdyýew;
  6. “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ahmet Döwranowiç Akmuhammedow;
  7. “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy Ýolly Dowlyýewiç Myradow;
  8. “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Hojadurdy Hojaberdiýewiç Hojaduryýew;
  9. “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň dosenti Ahmet Myradowiç Penjiýew;
  10. “Mikroelektronika we ölçeg tehnikasy” kafedrasynyň uly mugallym Ilýas Kurbanmuhammedowiç Remazanow;