“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” atly seminar geçirildi

       “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” atly 2025-nji ýylyň mart aýynyň 3-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde “Elektrotehnika” kafedrasynyň dosenti Alyhan Ökdirow tarapyndan ylmy seminar geçirildi. Seminar türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak, watansöýüjilik, ýaşlar we jemgyýet ýaly temalardan ýazan goşgularyna bagyşlandy. Alyhan Ökdirow Magtymguly Pyragynyň dürli ugurlardan goşgularyny okap, olaryň hersini aýratynlykda teswirläp, seminara gatnaşyjylaryň birnäçe soraglaryna jogap berdi. Şeýle hem seminarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň türkmen halkynyň aň-düşünjesinde düýp gelip çykyşynyň sebäplerine seljerme berildi. Bu iki ajaýyp ýörelgäniň kökleriniň türkmen topragyndan ugur alýandygy, şu toprakda ýaşan milletiň alyp baran syýasatynda has hem kämilleşendigi bilen bagly mysallar getirildi. Türkmen halky her bir ýaş nesliň halal adam bolup ýetişmegi, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň orun almagy üçin yzygiderli alada edýär. Elbetde munuň üçin bolsa iň zerur faktor, bu zeminde parahatçylygyň bolmagydyr. Ata-babalarymyz“dawa, şer bar ýerden döwlet gidýär” diýen düşünjä eýeripdirler. Iki adamyň özara düşünişip bilmeýänligi ahyrsoňynda dawa-jenjele äkidýänligi barada köp aýdypdyrlar. Magtymguly Pyragy bilen bilelikde türkmen edebiýatynyň ägirtleri bolan Mätäji, Mollanepes, Zelili, Seýdi, Kemine ýaly şahyrlaryň goşgularynda ýaşlara öwüt-nesihatlar, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, esasan hem parahatsöýüjiligiň we ynanyşmagyň wasp edilişi barada seminaryň dowamynda giňişleýin durlup geçildi. Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan, ýaşlarymyzyň ýokary derejede ylym-bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny aýtdylar.