HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ TALYPLARYNYŇ “TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMLERI” KÄRHANASYNDA GÖÇME OKUW SAPAGY
05-03-2025
5605
2025-nji ýylyň 3-nji martynda Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymy M. Aşyrmyradowanyň ýolbaşçylygynda “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda nazaryýetde alan bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda göçme okuw sapagy geçirildi. Bu göçme okuw sapagynda talyplar ilki bilen tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary we “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ähli bölümleri bilen giňişleýin tanyşdylar. Şeýle-de “Aýnanyň we sitallaryň tehnologiýasy” dersi boýunça geçilýän temalary,önümçilik proseslerini ýerinde öwrendiler we çuňlaşdyrdylar.