Onlaýn okuw maslahaty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň   4-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde “Karbon gazlaryny azaltmagyň usullary” atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Karbon gazlarynyň atmosferada toplanmagy netijesinde emele gelýän howanyň üýtgemegi bilen dünýäniň dürli sebitlerinde bolup geçýän durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýlara göniden-göni täsir edýär. Howanyň üýtgemegi barada ýurdumyzyň milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerinde anyk wezipeleri amala aşyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen karbon gazlarynyň bölünip çykyşyny has pes mukdara çenli azaldylýar. Bu okuw maslahatynda çykyş edenler halkara metan borçnamasyna goşulyşandygyny hem-de howany ýyladýan uglerodly gazlaryň daşky gurşawa zyňylmagyny azaltmagyň ugurlary barada gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ösüşleri amala aşyrmakdaky döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.