Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Önümçilik sapagynda boldylar
03-03-2025
2300
Türkmen döwlet binagälik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (senagat pudagynda)” taýýarlygyň ugrynyň “Ç” toparynyň 2-nji ýyl talyplary “Önümçilik güni” okuw tejribeliginiň dowamynda düzülen meýilnama laýyklykda “Berk abraý” hususy kärhanasynda boldylar. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan beýan eden önümçilik sapaklaryna berkitdiler (zähmet öndürijiligi, esasy serişdeleriň netijeli ulanyşy, zähmetiň ylmy taýdan guralyşy).