Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmen halysynyň milli muzeýine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp gyzlarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda talyp gyzlar türkmen zenanlarynyň yhlasyndan syzlyp çykan deňsiz-taýsyz, gadymy türkmen halylarynyň dokalyş taryhy, milli nagyşlaryň döreýşi, haly gölleriniň tapawutly aýratynlyklary barada täsin maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu muzeýde özüniň nepisligi, dokalyş aýratynlygy, döreýiş taryhy boýunça tapawutlanýan ençeme haly eksponatlary bar.
Türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, öz milliligimize bolan söýgini ösdürmekde we gelejekki nesillerimize ýetirmekde şeýle gezelençleriň ähmiýeti örän uludyr.