Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine guran göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň innowasion tehnologiýalary” atly okuw maslahaty geçirildi.

Onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary  “Awtomobil ýollaryndaky emeli desgalarynyň gurluşyk aýratynlygy” atly tema boýunça çykyş edip, Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýollar we ulag geçelgeleri gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ulag serişdeleriniň sanynyň yzygiderli artmagy awtomobil ýollaryndaky emeli desgalaryň gurulmagy we ulanmagy möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp geçdi. Berk, ygtybarly, uzak möhlete hyzmat edýän, tehniki kadalarynyň bildirilýän talaplaryna laýyk gelýän, hem-de ykdysady taýdan amatly desganyň taslamasyny düzmek meselesi çözülmeli. Bu meseläni çözmäge girişmek üçin gurluşyk meýdançasy barada maglumatlar zerurdygyny talyp ýaşlarynyň dykgatyna ýetirdiler.

Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz Bitarap Türkmenistandan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalaryny ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly okuw maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar.