Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, ýaşlaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Bagtyýar ýaşlar-Watanmyzyň geljegi” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.