MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

Mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şöhratly taryhymyzda Diýarymyzyň şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşan, ýurduň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny berkarar etmek ugrunda agyr synaglara döz gelen ata-babalarymyzyň bitiren işlerine, görkezen gahrymançylyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň taryhy geçmişi parahat durmuş, berkarar Watan ugrundaky gahrymançylykly söweşlerden hem göreşlerden doly. Şol göreşleriň aňrysynda bagtyýarlyk eýýamyna bolan küýseg ýatyr. Garaşsyzlygy küýsän döwürlerinde eždatlarymyza parahat ýaşamak nesip etmedi. Ol bagt şu günki nesliň paýyna düşdi, emma ajap döwri arzuwlap oňa ýetmek üçin batyrgaý hereket eden ata-babalarymyzyň sarpasyny belentde saklamak bu günki nesiliň jana-jan borjudyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen ýurdumyzyň taryhy ýerlerine, muzeýlere yzygiderli medeni gezelençler guralýar. Has takygy Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen «Gökdepe milli muzeýine» guralan medeni gezelenç has-da täsirli boldy. Bu muzeýdäki taryhy gymmatlyklar halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, beýik geçmişine çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Belläp geçsek Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen açylan bu muzeý eziz Watanymyzyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky watançylyk söweşinde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan muzeýdir. Bu muzeýde ýerleşdirilen taryhy maglumatlar we muzeý gymmatlyklary harby talyplarda Watan gerçekleriniň deňsiz­taýsyz edermenligine we gahrymançylygyna buýsanç duýgusyny döretdi. Muzeýde Gökdepe galasyny goramakda merdana pederlerimiziň görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk, edermenlik, mertlik häsiýetleri, watana wepalygy barada haýran galdyrjy maglumatlar diýseň kän. Bularyň ählisi harby talyplary Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata­babalarymyzyň edermenligini we gaýduwsyzlygyny özlerine nusga edinmäge ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Biz ýaş nesli merdana halkymyzyň beýik taryhyna hormat goýmak we buýsanmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermelidiris. Ýaş nesilleriň merdana halkymyzyň gahrymançylyga beslenen şöhratly taryhyny düýpli we yzygiderli öwrenmeklerini gazanmalydyrys» diýip belleýär. Hakykatdan hem halkymyzyň ýeňişlere beslenen şöhratly taryhy Türkmen döwlet-binagärlik institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplarynyň watansöýüjilik häsiýetlerini has-da artdyrdy. Goý, eziz halkymyzyň parahat we eşretli ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürler uzak bolsun, olaryň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nurýagdy AKMÄMMEDOW, TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, polkownik