“Building Bridges: Spelling Bee” atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşik

2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Building Bridges: Spelling Bee” atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi.

Bu çäre, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň iňlis dili boýunça ukyp başarnygyny ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.

Açylyş dabarasynda, şeýle bäsleşikleriň diňe bir dil öwrenmekde däl, eýsem halkara aragatnaşyklaryny we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmekde hem möhüm orny bardygy nygtaldy. Dünýäde giňden tanalýan bu görnüşli bäsleşikler, talyplara dili aýdyň we takyk öwrenmekde uly goldaw berýär.

Bäsleşikde talyplar dürli çylşyrymly iňlis sözlerini dogry harplap aýtmak boýunça bäsleşip, özleriniň ýokary derejeli dil başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde dürli ýokary okuw mekdeplerinden düzülen eminler topary döredilip, olar talyplaryň ukyp başarnyklaryna adalatly baha berdiler.

Netijede, 1-nji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Allanazarowa Selbi eýeledi.

2-nji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2-nji ýyl talyby Ataýew Kerimberdi eýeledi.

3-nji orna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Babajanowa Aýlara mynasyp boldy.

Bu bäsleşik, talyplara diňe dil bilimlerini ösdürmek üçin mümkinçilik bermekden başga-da, aragatnaşyk we dostluk gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaga mümkinçilik berdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu çäre arkaly talyplarynyň dünýä jemgyýetçiligine gatnaşyklaryny güýçlendirmegi we dil baýlyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.