2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan talyplar dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinden parçalary türkmen diline terjime etdiler. Ýaryşa 100-den gowrak ýaş terjimeçi gatnaşyp, olar iňlis, rus, arap, koreý, nemes, italýan, türk edebiýatyndan parçalary terjime etdiler. Eminler topary hödürlenen işleriň hiline we mazmunyna baha berip, 30 ýeňijini kesgitledi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yslam Saryjaýew hem bäsleşigiň ýeňijileriniň biri bolup, Hormat haty bilen sylaglandy.
Şeýle döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň dil öwrenmek hem-de dünýä edebiýatyna bolan höwesini artdyrmaga, terjimeçilik başarnyklaryny ösdürmäge uly itergi berýär. Şeýlelikde, bäsleşik diňe bir zehinli terjimeçileri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, dil medeniýetiniň ösmegine hem öz goşandyny goşýar.
Tirkeş JUMADURDYÝEW – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy