“Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy” atly okuw seminary geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüji, päk ahlakly, giň gözýetimli edip ýetişdirmek üçin, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda  “Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminarynda institutyň mugallymlary meýletinçi talyplaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýaşlara öwüt-nesihat ýörelgeleri, watansöýüjilik baradaky şygyrlarynyň ähmiýeti dogrusynda, Magtymgulynyň eserleriniň – terbiýe mekdebi bolup durýandygyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan eserleriniň taryhy mazmuny dogrusynda  giňişleýin çykyş etdiler. Sebäbi meýletinçiler ata watanymyzyň waspçylary bolup durýarlar. Olar halkara derejede geçirilýän çärelerde dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini daşary ýurt dillerinde beýan etmegi başarýarlar. Bu okuw seminarynda meýletinçi talyplar hem özleriniň döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Seminaryň ahyrynda olaryň Magtymguly şahyryň watançylyk goşgularyny labyzly ýerine ýetirmekleri gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Seminara gatnaşyjylar özlerine işlemäge, okamaga, şeýle hem Magtymguly Pyragy ýaly türkmeniň beýik şahsyýetlerimizi ylmy taýdan öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp hoşallyklaryny bildirdiler.

Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy