Meýletinçi talyplar bilen “Meşhur ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty belende galýar” atly okuw seminary geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda watana bolan söýgini, türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimize goýulýan sarpany artdyrmak, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan nobatdaky üstünligi mynasybetli wagyz-nesihat çärelerini gurnamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda  “Meşhur ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty belende galýar” atly okuw seminary geçirildi.

Bu okuw seminarynda çykyş eden mugallymlar we talyplar şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we bu şanly sene mynasybetli dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny bellediler. Çykyşlar esasan hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynda geçen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünligine bagyşlandy. Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny çeper beýan etdiler. Seminarda türkmen bedewlerimiz barada meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerindäki çykyşlary hem täsirli boldy.

           Biz hem öz gezegimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, atçylyk sportuny we sirk sungatyny ösdürmekde taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň ýolbaşçysy