Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italýan dizaýneri Leandro Skalko umumy okuw sapagyny geçirdi

Italiýanyň “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň dizaýneri Leandro Skalkonyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde “Italýan dizaýn” günleriniň geçirilmeginiň çäklerinde, şu ýylyň 12-nji fewralynda Leandro Skalko Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna öz alyp barýan işleri we tejribesi barada umumy okuw sapagyny geçirdi.

Umumy okuw sapagynda ol özüniň döreden dizaýnerçilik işleriniň wideoşekilleri bilen talyplary tanyşdyryp, dizaýnerçilik işiniň inçe tilsimleri we dünýä tejribeleri barada gürrüň berdi. Umumy sapakdan soňra talyplar ugur boýunça özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.

Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, hi­miýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýa­lary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçi­likleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar. Institutda ylym, bilim  we önümçiligiň arabaglanyşygyny utgaşykly alyp barmak boýunça 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda IT ylmy-tehniki merkezi döredildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi guruldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrari we ilçihananyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleri hasaplanýan Wenesiýanyň Ka’Foskari uniwersiteti hem-de Milanyň Politehniki uniwersiteti bilen ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy.