MAGTYMGULY –DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly –dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.  Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.