“HAKYDA GÖWHERI”

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabarada professor-mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň iki bapdan ybaratdygyny, kitabyň birinji babynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen şöhratly taryhymyz, dünýä jahankeşdelerini, syýahatçylary haýran galdyrýan, binagärlik aýratynlygy boýunça tapawutlanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gyzykly gürrüňler berilýändigini nygtadylar. Kitabyň ikinji babynda milletimize mahsus gymmatlyklar barada gürrüň berilmegi milli mirasymyza bolan söýgimizi artdyrýandygyny aýtdylar. Olar “Hakyda göwheri” atly kitabyň ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar “Hakyda göwheri” atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.