GURLUŞYKDA RAÝAT GORANYŞYNY MEÝILLEŞDIRMEK BARADA GÖÇME OKUW SAPAKLARY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda açylan Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bäş müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde Raýat goranyşyny meýilleşdirmek bilen baglanyşykly tejribe okuw sapaklarynda boldular. Göçme okuw sapagynyň dowamynda binagärlik-gurluşyk işlerinde raýat goranyşy meýilleşdirmekligiň esasy wezipelerini, raýat goranyşyň dolandyryş, habar beriş we aragatnaşyk ulgamlaryny guramak, ösdürmek we hemişe taýýarlykda saklamak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerini we ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda herekete taýýarlamak, Raýat goranyşynyň gorag desgalarynyň zerur gaznasyny, şahsy gorag serişdeleriniň gorlaryny we başga emlägini toplamak we taýýar ýagdaýda saklamak işlerini meýilleşdirmegi we adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilaty gorag desgalary bilen üpjün etmekligi içgin öwrendiler. Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda raýat goranyşynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişine, onuň dolandyryş edaralarynyň we güýçleriniň hereketlerine ýolbaşçylyk etmek, şeýle hem ol wezipeleriň gurluşyk işlerinde amala aşyrylyşyna jogapkärçilik raýat goranyşynyň dolandyryş merkezlerine, adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty goramak we oňa kömek bermek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge çekilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýörite düzüm birliklerine we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň raýat goranyşynyň wezipe sanawynda durýandygyny we bu ugurdan hünärmenleriň üstüne ýüklenilýändigi barada gyzykly maglumatlar berildi.

Okuw sapagynyň dowamynda täze gurulýan desgalaryň seýsmiki durnuklylygy, raýat goranyşyny öňünden meýilleşdirmek, we bu çäreleriň gurluşyk kärhanalar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik etmek, Türkmenistanyň ilaty üçin hökmany hasaplanýan raýat goranyşyny guramaklygy öwrendiler.

Döwletýar ALLOWOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy.