“HALYPA-ŞÄGIRT” GATNAŞYKLARYNYŇ ÇÄKLERINDE “BITARAPLYK-ASUDALYGYŇ KEPILI” ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyňgatnaşmagynda “Bitaraplyk-asudalygyň kepili” atly okuw maslahaty geçirildi. Onda Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy A.Garajaýew “Ýol hereketiniň howpsuzlygy” atly tema boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek we ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň kadalarynyň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi barada aýtdy. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ýollar we ulag geçelgeleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ulag serişdeleriniň sanynyň yzygiderli artmagy ýol hereketiniň düzgünlerini gözegçilikde saklanmagyň talaplaryny doly berjaý etmeklik, her bir raýatyň borjy bolup durýandygyny mekdep okuwçylaryň dykgatyna ýetirdi.

Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Soňra Raýat goranyşy fakultetiniň okuw bölüminiň uly hünärmeni maýor S.Çaryýew özüniň çykyşynda “Türkmenistanyň raýat goranyşynyň esasy wezipeleri onuň guralyşynyň we işlemeginiň guramaçylyk ýörelgeleri” temada wagyz-nesihat işlerini geçirmek bilen Mekdep okuwçylarynyň şeýle hem olaryň maşgala agzalarynyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem maýor S.Çaryýew öz çykyşynda bilim edaralarynyň şahsy düzüminiň berjaý etmeli işleri, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda okuwçylaryň etmeli hereketleri, olary halas etmek, ýitgileriň öňüni almak, ýangyn bolanda ýangyn serişdelerini dogry ulanmak, gaza garşy serişdeleri ulanmagyň düzgünleri, raýat goranyşynda gaçybatalgalaryň enjamlaşdyrylyşy we raýatlaryň goranyşyny üpjün etmek boýunça türgenleşikleri geçmegiň usullary barada çykyş etdi.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça amatly şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!