Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okuw işleri ýurdumyzyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalary we ylmy-barlag institutlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolup olaryň binýadynda döredilen degişli binýatlyk kafedralarynda, halkara tejribäniň täze gazananlaryny we innowasiýa usullaryny peýdalanmak arkaly alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binasynyň gurluşyk meýdançasynda Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary göçme okuw sapagyny geçmek maksady bilen gitdiler.
Talyplar tejribelik geçýän döwründe önümçilikde alnyp barylýan işleriniň tilsimleri we yzygiderliligi bilen tanyşyp, şol işleriň ählisini öz elleri bilen ýerine ýetirýärler. Bu bolsa olaryň nazaryýetde alan bilimlerini çuňňur özleşdirmäge, hünär taýdan kämil bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.
Bizi şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, halal işlemäge döredip beren ähli şertleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!