Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Elektrotehnika” dersinden ders bäsleşigini geçirýändigini yglan edýär. “Elektrotehnika” dersinden geçiriljek bu ders bäsleşigi talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Esasy wezipe talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmekdir.
Esasy maglumatlar:
Bäsleşige hasaba almagyň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji noýabryna çenli dowam edýär.
E-poçta tdbgielektrotehnika@gmail.com salgysyna, maglumatlaryňyzy ugradyp bilersiňiz.
Ähli hünärlerde okaýan talyplaryň bu bäsleşige gatnaşmaga mümkinçiligi bardyr.